Elin balyk kompaniýasy Türkmenistanda krewetka (deňiz leňňeçleriniň bir görnüşi) ösdürip ýetişdirmek boýunça önümçiligi ýola goýdy. Kompaniýa geljekde önümlerini Russiýa we Ýewropa ýurtlaryna eksport etmegi meýilleşdirýär — diýip, kompaniýanyň direktory Wepa Hallyýew TASS habarlar agentligine gürrüň berdi.
Kompaniýanyň ilkinji önümleri Türkmenistanda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygyna bagyşlanan sergide görkezildi. Elin balyk kompaniýasy 12 ýyl bäri howdanlarda suw jandarlaryny we dürli görnüşli balyklary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanyp gelýär. Krewetka ösdürip ýetişdirmek önümçilik ugry bilen meşgullanmak kararyna bu önüme bolan islegiň juda ýokarydygy bilen belli bolan Ýaponiýa, Hytaýa we Türkiýä iş saparlaryndan soň gelindi.
Önümçilige başlamak üçin kompaniýa Taýlanddan iki tapgyr Rozenberg krewetkasyny satyn aldy. Häzirki wagtda bu kärhanada 1 milliondan gowrak kiçi krewetkajyklar ösdürilip ýetişdirilýär. Kärhananyň önümçilik kuwwaty möwsümde 40 tonna çenli bolup, ol kiçi krewetkajyklardan başlap, ony bazar agramyna çenli ýetişdirmek bilen, 6-7 aý dowam edýär.
Kompaniýa krewetkany birnäçe sebäplere görä Taýlanddan satyn almak kararyna geldi: olar süýji suwda ösdürilip ýetişdirilýär we çalt ösýärler. Balyk fermasy üçin enjamlar Russiýadan, Belarusdan we Wengriýadan satyn alyndy. Häzirki wagtda krewetkalar Ahal welaýatyndaky süýji suw fermasynda ösdürilip ýetişdirilýär.
Kompaniýa öz önümçilik kuwwatyny giňeltmegi meýilleşdirýär. Hazar deňziniň kenarynda krewetkalary ösdürip ýetişdirmek üçin ýer bölegini almak maksat edinilýär, ol ýerde 500 tonna çenli wannameý krewetkalaryny ösdürip ýetişdirmek meýilleşdirilýär.