Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi

08:5516.02.2025
0
22986

15-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, mejlisiň işine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2024-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi, şeýle hem toparyň işiniň 2025-nji ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulandygy sebäpli, 2024-nji ýylyň maý aýynda TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisini goşmak bilen geçen ýylyň dowamynda möhüm wakalaryň geçirilendigi bellenildi.

2024-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen onlaýn we oflaýn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi bellenildi, olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleriň netijesinde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça möhüm resminamalaryň we çözgütleriň kabul edilendigi nygtaldy. Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna milli gymmatlyklary girizmek babatynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen teklipler bilen baglylykda ýakyn geljekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň düzüm birliklerinde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly wajyp meselelere hem garaldy. Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň