Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Bilimli ädim» HJ Belarusuň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen ylalaşyk baglaşdy

11:0312.02.2025
0
20008

«Bilimli ädim» hojalyk jemgyýeti Türkmenistan bilen Belarusuň arasynda alnyp barylýan ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ilerletmekde möhüm ösüş gazandy. Kompaniýa Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanýan ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda bar bolan, Belarusyň ýokary okuw mekdepleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn resmi ylalaşyklara we memorandumlara gol çekişdi. Ylalaşylan şertnamalara laýyklykda, kompaniýa Türkmenistanyň raýatlaryny Belarusuň ýokary okuw mekdeplerine okamak üçin ugratmak babatda ileri tutulýan hukuklara eýe boldy.

Bu hyzmatdaş bilim edaralarynyň hataryna Belarusuň iň baýry alty uniwersiteti girýär:

Belarus milli tehniki uniwersiteti

Belarus döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Belarus döwlet informatika we radiotehnologiýa uniwersiteti

Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti

Grodno döwlet lukmançylyk uniwersiteti

Polotsk döwlet uniwersiteti

Belarusuň ýokary okuw mekdepleri baý ylym-bilim däpleri, okatmaga häzirki zaman çemeleşmeleri hem-de elýeterliligi bilen daşary ýurtly talyplary özüne çekýär. Geçirilen pikir soraşmalara görä, daşary ýurtly talyplar ýurtdaky howpsuzlygyň ýokary derejesine, ýerli ilatyň dostlukly gatnaşygyna we okuw döwründe öz hünäriň boýunça işlemek mümkinçiligine aýratyn ähmiýet berýärler.

Häzirki wagtda Belarusuň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistan, Hytaý, Şri-Lanka, Russiýa, Hindistan, Özbegistan, Liwan, Ysraýyl, Eýran, Nigeriýa hem-de Gazagystan ýaly ýurtlardan gelen talyplar okaýarlar. Belarus uniwersitetleriniň halkara bilim çärelerine işjeň gatnaşmagy olaryň dünýäniň bilim hyzmatlary bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny we giňden tanalmagyny ýokarlandyrýar. Munuň özi Belarusda okap bilim almaga türkmen talyplarynyň hem ünsüni çekýär.

Telefon belgileri:

  • Aşgabat ş. (+993 64) 52 94 85;
  • Balkanabat ş. (+993 63) 08 07 66;
  • Türkmenbaşy ş. (+993 71) 33 53 92;
  • Mary ş. (+993 71) 33 53 28;
  • Daşoguz ş. (+993 62) 31 05 54;
  • Köneürgenç ş. (+993 62) 31 08 63.

Habarlaşmak üçin salgylary:

  • ýerleşýän salgysy: Balkan welaýaty, Balkanabat ş., 189-njy kwartal;
  • elektron poçta salgysy: bilimli.adim@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky sahypasy;
  • web saýty: hectm.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň