Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisini geçirmegi teklip etdi

09:3111.02.2025
0
17849

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda bolan telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-eýran ykdysady hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenildi. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy we bu mümkinçilikleri doly ulanmak teklip edildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň barşynda Gahryman Arkadag ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmegi teklip etdi we onuň gün tertibine Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda energetika, ulag, senagat we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumynyň girizilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

"Ýurtlarymyz ýangyç-energetika pudagynda köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edýärler" diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi hem-de türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen swap usuly arkaly Türkiýä ibermek boýunça "BOTAŞ" kompaniýasy bilen ylalaşylandygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri elektroenergetika ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mary-Maşad elektrik geçirijisiniň taslamasynyň Mary Döwlet elektrik bekedinden Eýranyň serhedine çenli aralygyny gurmak barada teklibi berendigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, bu babatda eýran tarapy bilen gepleşikler geçirildi we degişli hukuk resminamasyna gol çekildi. Bu taslamanyň eýran kompaniýalary tarapyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

Gahryman Arkadag söhbetdeşlikde suw meselesine-de ünsi çekip, bu meseläniň sebit üçin örän wajyp ähmiýetini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri sebitiň suw meselelerini çözmek üçin Türkmenistan bilen Eýranyň bilelikde iş alyp barmagyny teklip etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň