Türkmenistanyň ýygyndysy Duşenbe şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň çempionatynyň birinji tapgyrynda Gyrgyzystanyň ýygyndysy bilen deň oýnady.
Ýekşenbe güni geçirilen oýun 1:1 hasabynda tamamlandy. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Läle Haýypowa tapawutlandy.
Tapgyryň beýleki duşuşygynda Eýranyň ýygyndysy Özbegistany 9:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
CAFA-2025 turniriniň ikinji tapgyry 10-njy fewralda geçiriler. Şol gün Türkmenistanyň ýygyndysy Özbegistan bilen güýç synanyşar. Şeýle-de ikinji tapgyrda Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň ýygyndylary duşuşarlar.
Ýaryş aýlaw görnüşinde geçirilýär. Turniriň ýeňijisi utuklaryň sany boýunça kesgitleniler.
Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýa futbol assosiasiýasynyň (CAFA) futzal boýunça zenanlar ýygyndylarynyň çempionaty indi dördünji gezek geçirilýär. 2022-nji ýylda esaslandyrylan bu ýaryş mundan ozal 2022-nji we 2024-nji ýyllarda Duşenbe şäherinde, 2023-nji ýylda bolsa Daşkentde geçirilipdi. Ozalky turnirleriň ählisinde Eýranyň zenanlar ýygyndysy çempion bolmagy başardy.