Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Italiýada muzeýe baran aýal büdräp, XVI asyryň nakgaşlyk eserini ýyrtdy

21:4309.02.2025
0
17343

Italiýanyň Breşi şäherindäki «Santa-Juliýa» muzeýine tomaşa etmäge baran zenan büdräp, diwardaky XVI asyra degişli sungat eserine zeper ýetirdi. Waka ýerli suratkeş Morettonyň sergisi wagtynda boldy. Sergi Galkynyş döwrüniň nakgaşlyk sungatyna bagyşlandy diýip, TASS habar berýär.

Şol döwürde ýaşan Moretto lakamly suratkeş Alessandro Bonwiçinonyň haraplanan eseri 1522-1524-nji ýyllarda ýörite dini dessurlar üçin çekilipdir. Onuň bir tarapynda iki sany keramatly ruhany, beýleki tarapynda Bibimerýem şekillendirilipdir. Muzeýe baran zenan atdanlykda büdräp, eli bilen suratdan ýapyşyp, onuň aşaky bölegini ýyrtypdyr.

Muzeý ýetirilen ýitgini birnäçe müň ýewro diýip hasaplady. Emma muzeýiň direktory zenandan hiç hili jerime talap etmejekdiklerini, eseri abatlamagyň ätiýaçlandyryşyň hasabyna amala aşyryljakdygyny habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň