Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Yragyň sährasynda ýaşy 1,5 million ýyl bolan palta tapyldy

17:0506.02.2025
0
22033
Yragyň sährasynda ýaşy 1,5 million ýyl bolan palta tapyldy
Surat: vfokuse.mail.ru

Geçen 2024-nji ýylyň aýagynda Brýusseliň erkin uniwersitetiniň arheologlary Yrakdaky çöllükde gazuw-agtaryş işleri wagtynda 850 sany taryhy tapyndynyň üstünden bardylar. Olaryň arasynda ýaşy 1,5 million ýyl bolan el paltalary bar. Bu barada ýokary okuw mekdebine salgylanýan «Heritage Daily» neşiri habar berdi diýip, «Mail.ru» ýazýar.

Alymlar Al-Şabaka etrabynda gadymy döwürlere degişli iri kölüň we derýanyň gury hanalarynyň çäklerinde gazuw-agtaryşlary alyp bardylar. Netijede, 10-20 kilometrlik çäkde paleolit eýýamyna degişli ýedi sany ilatly ýeriň üsti açyldy.

Ol ýerden ele salnan tapyndylar sebitiň geomorfologik taryhyna, şeýle hem gadymy adamlaryň taryhdan öňki döwürde anyk haýsy ýeri oturymlylaşdyrandygyny anyklamaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň