Serdar Berdimuhamedow hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady, «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa uçuşlaryň togtadylmagyny mart aýyna çenli uzaltdy, Türkmenistanyň daşary işler ministri Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirdi we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekip, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türkmen böleginiň düzümini tassyklady. Ozal habar berşimiz ýaly, 19-20-nji fewralda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 8-nji mejlisi geçiriler.
2. Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isibany doglan güni mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini aýdyp, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.
3. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa uçuşlaryň togtadylmagyny 28-nji fewrala çenli uzaltdy. Biletleriň yzyna gaýtarylmagyny resmileşdirmek üçin kompaniýa uçar biletiniň satyn alnan ýerine ýüz tutmagy haýyş edýär.
4. Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Astana saparynyň dowamynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Tokaýew dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk ruhunda ähli ugurlarda ösdürilýän gazak-türkmen gatnaşyklarynyň derejesine ýokary baha berdi. Şeýle hem Tokaýew Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin Gazagystanyň ýakyndan goldaw bermegi dowam etdirmegi maksat edinýändigini aýtdy.
5. Türkmenistanyň Moskwadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň GDA agza ýurtlaryň ilçileri bilen däp bolan duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşykda 2024-nji ýylda alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijeleri we şu ýyl üçin öňde goýlan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Daşary syýasy gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we howpsuzlyk pudagynda özara gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns çekildi.
6. Konditer önümlerini öndüriji öňdebaryjy türkmen kompaniýalary Moskwanyň «Eksposentr» binasynda açylan «Prodekspo-2025» halkara sergisinde öz önümlerini tanyşdyrdylar. Meşhur «Akgar», «Balam», «Hasar», «Ýüpekçi», «Kilwan», «Bars» we «Täze aý» brendleri şokolad süýjülerinden başlap, alkogolsyz içgilere we şekeriň dürli görnüşlerine çenli önümleriniň dürli görnüşlerini görkezdiler.
Dünýäde
7. Ýewropa Bileleşiginde emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagyny düzgünleşdirýän dünýäde ilkinji giňişleýin kanun güýje girdi. Täze düzgünler emeli aňy ulanmak üçin anyk çäkleri kesgitledi we olaryň bozulmagy babatda çynlakaý jeza çärelerini göz öňünde tutýar. Düzgünnama raýatlaryň hukuklaryna howp salyp biljek emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagy gadagan edýär. Bu gadaganlyk sosial reýting ulgamlaryny, ýüzi tanamak tehnologiýalaryny we adamlary dürli aýratynlyklara görä toparlara bölýän emeli aň ulgamlaryny öz içine alýar. Mundan başga-da, kanun manipulýatiw emeli aň tehnologiýalarynyň ulanylmagyny çäklendirýär.
8. Çehiýanyň paýtagtyndan 60 km uzaklykda ýerleşýän Brdy dag gerşiniň golaýyndaky goraghanada tebigy netijeliligiň ajaýyp mysaly ýüze çykdy. Samyrlar maşgalasy ýerli häkimiýetiň 2018-nji ýyldan bäri emeli desga gurmagy meýilleşdirýän ýerinde bent gurdy. Tebigy gurluşykçylaryň kömegi bilen býujet takmynan 30 million çeh kronyny tygşytlady.
Sport täzelikleri
9. Änew şäheriniň «Ahal» futbol kluby 2025-nji ýylyň ýazynda çagalar futbol akademiýasyny açmagy meýilleşdirýär. Klubyň täze taslamalarynyň çäklerinde zenanlar toparyny we erkekler futzal toparyny döretmek hem göz öňünde tutulýar. Bu taslamalaryň maksady ýurtda ýaşlar we zenanlar futbolyny, şeýle hem futzaly ösdürmek bolup durýar. Taslama täze zehinleri futbola çekmäge we ýaş türgenlere ösüş hem-de hünär taýdan kämilleşmek üçin mümkinçilikleri döretmäge gönükdirilendir.