«Zyýat Hil» konditer dükanlary täze bişirilen çörek önümleriniň dürli görnüşleri bilen müşderilerini begendirýär. «Zyýat Hiliň» menýusynda dürli pirožnoýeler, kökeler, eklerler, näzik zefir, adaty baklawa, bölek süýjülikler we beýleki köp sanly konditer önümleri hödürlenýär.
Ussat konditerler topary dürli tagam utgaşmalaryny synagdan geçirip, täze görnüşleri yzygiderli taýýarlaýar.
Şeýle hem «Zyýat Hil» sargyt esasynda tortlary taýýarlamak hyzmatlaryny hödürleýär. Konditer dükany islendik waka: doglan günleri, durmuş toýlary, işewürlik oturylyşygy ýa-da diňe ýakymly çaý içişlik üçin özboluşly tortlary döredip, islendik süýji hyýallary durmuşa geçirmäge kömek eder. Müşderiler diňe bir tortuň dizaýnyny däl, eýsem, onuň düzümindäki önümleri, ululygyny we görnüşini saýlap bilerler.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
- Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254, habarlaşmak üçin telefonlar (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
- Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefonlar (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
- Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3, 1-nji gat, telefonlar (+993 12) 97 95 06 (+993 62) 02 13 63.
Sosial ulgamdaky sahypasy.
Ýatlatsak, 150 manatdan başlaýan bahalardan süýjülik sargyt edilende, Aşgabada we Gökdepe etrabyna eltip bermek hyzmaty mugt amala aşyrylýar.
Şeýle-de okaň: