Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Zyýat Hil» dükanlary çagalar üçin tortlary taýýarlamaga sargytlary kabul edýär

10:1725.01.2025
0
24892

«Zyýat Hil» konditer önümleriniň dükanlar tory ähli ene-atalary öz çagalaryny doglan günlerinde özboluşly hem datly tortlar bilen begendirmäge çagyrýar.

Bu dükanlardan islendik multfilmiň, ertekileriň hem-de kompýuter oýunlarynyň gahrymanlarynyň şekilleri bilen bezelen tortlary sargyt edip bilersiňiz. Goý, ol batyrgaý gahryman, näzenin şa gyzy ýa-da özboluşlyja haýwanjyk bolsun, ony dükanyň konditerleri doglan güni baýram edilýän körpäni haýran galdyrjak ajaýyp görnüşde şekillendirerler.

Mundan başga-da, «Zyýat Hil» iň talapkär süýjülik söýüjileriň hem göwnüni göterjek dürli hili, biri-birinden datly huruşlaryň görnüşlerini hödürleýär. Şokoladly, miweli, biskwitli hem-de başga-da birnäçe görnüşdäki huruşlar her bir çaga üçin tüýs tagamy agzyndan gitmejek torty döretmäge ýardam edýär.

«Zyýat Hilden» tort sargyt etmek bilen, onuň ýokary hilli taýýarlanylandygyna arkaýyn ynamly bolup bilersiňiz. Sebäbi bu dükanlaryň konditerleri diňe täze, ter we tebigy goşundylary goşýarlar, şeýle hem ähli arassaçylyk düzgünlerine eýerýärler.

Habarlaşmak üçin:

  • Büzmeýin etraby, Abadan şaýoly, 254-nji jaý, telefon belgileri: (+993 12) 35 37 13 we (+993 62) 02 13 61;
  • Garadaşaýak ýaşaýyş toplumy, «Seýran» söwda merkezi, telefon belgileri: (+993 12) 29 35 03 we (+993 62) 02 13 62;
  • Gurtly ýaşaýyş toplumy, 3-nji jaý, 1-nji gat, telefon belgileri: (+993 12) 97 95 06; (+993 62) 02 13 63.

Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

«Zyýat Hil» dükanlarynyň 150 manatdan az bolmadyk möçberde süýjülik sargyt eden müşderilere Aşgabat şäheriniň we Gökdepe etrabynyň çägine mugt eltip bermek hyzmatyny ýetirýändigini ýatladýarys.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň