Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:1129.01.2025
0
21192

Serdar Berdimuhamedow Si Szinpini Bahar baýramy bilen gutlady, Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyzystanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi, «S7» Moskwa – Aşgabat gatnawlarynyň sanyny hepdede 14-e ýetirmegi meýilleşdirýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Gadymy döwürlerden bäri halkyň ruhy taýdan kämilleşmegine we jebisleşmegine ýardam bermek bilen, Bahar baýramy parahat hem-de abadan durmuşda ýaşamaga bolan ýagşy islegleri özünde jemleýär» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly we yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlygyň köp ulgamlary we ugurlary öz içine alýandygyny aýtdy.

3. «Rosawiýasiýa» «S7» awiakompaniýasyna Moskwa – Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlarynyň sanyny hepdede 7-den 14-e çenli köpeltmäge rugsat berdi. Häzirki wagtda «S7» Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda yzygiderli uçar gatnawlaryny amala aşyrýan ýeke-täk awiakompaniýa bolup durýar. 2024-nji ýylyň dekabr aýynda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa amala aşyrýan uçuşlaryny wagtlaýynça togtatdy, ozal bolsa, şol ýylyň iýun aýynda awiakompaniýa Kazan ugry boýunça uçar gatnawlaryny bes edipdi.

4. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan geçirilen bäsleşigiň netijeleri boýunça Lebap welaýatynyň gümrüginiň «Farap awtoýollary» gümrük nokady 2024-nji ýyl boýunça «Ýylyň gümrük nokady» diýlip ykrar edildi. «Ýylyň gümrük nokady» diýlen at geçen ýylyň dowamynda ýokary iş görkezijileri, şeýle hem gümrük nokadynyň we onuň töweregindäki çägiň talabalaýyk saklanylmagy üçin berildi.

5. «Fitch Ratings» halkara reýting agentligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna Ätiýaçlandyryjynyň maliýe durnuklylygy we Emitentiň uzak möhletleýin defolty boýunça «B durnukly» reýting derejesini berdi.

Dünýäde

6. «Uzbekistan Airways» awiakompaniýasynyň Daşkentden Nýu-Ýorka uçuşy amala aşyrýan uçarynda adatdan daşary waka bolup geçdi – ýolagçylaryň biri dogruma başlady. Onuň bagtyna, ýolagçylaryň arasynda çagany dogurmaga kömek eden akuşer we hirurg bardy. Oglanjyk dünýä indi. Bu waka sebäpli ekipaž Islandiýa mejbury gonmak kararyna geldi.

7. Luwrda geçirilen düýpli abatlaýyş işleriniň çäklerinde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Leonardo da Winçiniň dünýä belli «Mona Liza» eseri üçin aýratyn ýer bölüp bermek kararyna gelendigini aýtdy. Muzeý her gün 30 000 töweregi myhmany kabul edýär, olaryň aglaba bölegi – takmynan 80%-i «Jokondany» görmek isleýär. Esere tomaşa etmegiň şertlerini gowulandyrmak we muzeýiň esasy zallaryndaky dyknyşyklary ýeňletmek üçin meşhur suraty görmek isleýänler üçin ýörite girelge dörediler.

Sport täzelikleri

8. «Rostow» Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň futbolçysy Denis Titow bilen şertnama baglaşdy. 18 ýaşly hüjümçi bilen şertnama 3 ýyla niýetlenendir. Häzirki wagtda ol «Rostow» klubynyň esasy düzümi bilen bilelikde BAE-de türgenleşik ýygnanyşyklarynda bolýar. Titow Aşgabadyň çagalar-ýetginjekler Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň uçurymydyr. Ol Türkmenistanyň ýaşlar we ýetginjekler ýygyndylarynda çykyş etdi.

9. Türkmenistanly türgenler 7 – 14-nji fewral aralygynda Hytaýyň Harbin şäherinde geçiriljek 9-njy Gyşky Aziýa oýunlaryna taýýarlanýarlar. Aşgabat şäheriniň Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançasynda figuralaýyn typmak we şort-trek görnüşleri boýunça türgenler türgenleşýärler. Şort-trek sporty Türkmenistanda bäş ýyl töweregi wagt bäri ösdürilýär we bu döwürde ýurtda meşhurlyk gazandy. Şeýle-de bolsa, olar Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek çykyş ederler. Harbin şäherinde geçiriljek 9-njy Gyşky Aziýa oýunlaryna 34 ýurtdan we dürli sebitlerden 1200-den gowrak türgen gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň