Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

8-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

11:2408.02.2025
0
35260

Türkmenistan Prezidenti medeniýet meseleleri boýunça täze wise-premýeri, maliýe ministrini we Ahal welaýatynyň häkimini wezipä belledi, 2024-nji ýylda Türkmenistanda 77 milliard kub metrden gowrak gaz öndürildi, Mary Welaýatyň Sakarçagin sebiti ýylyň iň gowusy diýlip yglan edildi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mährijemal Mämmedowany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasаry wezipesinden boşatdy. Täze wise-premýer hökmünde ozal Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy wezipesini ýerine ýetiren Bahar Seýidowa bellenildi.

2. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda döwlet Baştutany Serdar Joraýewi maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşadyp, bu wezipä maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary bolup işlän Mämmetguly Astanagulow belledi.

3. Soltanmyrat Soltanmyradow Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Toýguly Nurmyradow bellenildi.

4. Türkmenistanda 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça 77,6 milliard kub metr tebigy gaz, 8,3 million tonna nebit çykaryldy. Bu barada 2024-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy Döwletgeldi Amanmuhammedowyň hasabatynda aýdyldy.

5. Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby 2024-nji ýylyň jemleri boýunça durmuş, ykdysady, medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanan, Türkmenistan boýunça ýeňiji bolan etrap diýlip yglan edildi we bu etrabyň häkimligi 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.

6. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2025-nji ýyl-da saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň, şol sanda ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara 1,5 million düýp nahalynyň; welaýatlaryň häkimliklerine 1,5 million düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Dünýäde

7. Braziliýanyň San-Paulu şäheriniň gür ilatly ýerinde hususy uçar heläkçilige uçrady. Kampo-de-Marte parkyndan Lima uçýan sekiz orunlyk «King Air F90» gyssagly gonuşy amala aşyryp, şäher awtobusy we birnäçe awtoulag ilen çaknyşdy. Gyssagly kömek gullugynyň habaryna görä, uçaryň içindäki iki adam bu waka sebäpli öldi. Heläkçilik wagtynda uçarda näçe ýolagçynyň bolandygy aýdyňlaşdyrylýar. Awtobusda ýolagçy bolmasa-da, ýöne ulagyň sürüjisi şikes aldy. Geçip barýan motosikl sürüjisi hem ýaralandy.

Sport täzelikleri

8. HHR-niň Başlygy Si Szinpin Harbinde geçirilýän IX gyşky Aziýa oýunlaryna resmi taýdan badalga berdi. «Uly buz we gar dünýäsinde» seýilgähinde siren güli görnüşindäki alaw çanagynyň ýakylmagy açylyş dabarasynyň iň şowhunly wakasy boldy. «Gyş arzuwy, Aziýada söýgi» şygary bilen geçirilýän giň gerimli sport çäresine 34 ýurtdan 1200-den gowrak türgen gatnaşýar. 7 – 14-nji fewral aralygynda bir hepdäniň dowamynda türgenler sportuň gyşky görnüşleri boýunça medallar ugrunda bäsleşerler. Milli wekiliýetleriň düzüminde sportuň gyşky görnüşleriniň iň güýçli wekilleri geldiler. Oýunlaryň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşdy. Türkmen türgenleri üç görnüş – hokkeý, şort-trek we figuralaýyn typmak boýunça ýaryşlara gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň