Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2025-nji ýylda daşary ýurtlarda geçiriljek iri halkara sergileriň, ýarmarkalaryň we forumlaryň sanawyny mälim etdi.
Türkmen telekeçileriniň gyzyklanma bildirýän çärelerine gatnaşmagy meýilnamalaşdyryp bilmekleri üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýtynda şu maglumatlar görkezilýär:
• Eýranda geçirilýän sergileriň we ýarmarkalaryň sanawy;
• Hindistanda geçirilýän sergileriň we ýarmarkalaryň sanawy
• Türkiýede geçirilýän halkara sergileriň sanawy;
• «Ambiente 2025» - sarp ediş harytlarynyň öňdebaryjy halkara sergisi, 7-11-nji fewralda, Frankfurt-Maýn, Germaniýa;
• «Wohnen & Interieur-Messe 2025» - Awstriýanyň iň uly dizaýn sergisi, 12-16-njy martda, Wenada, Awstriýa;
• Gara we Hazar deňizleriniň portlary, gämi gatnawy we logistika sergisi hem-de maslahaty, 25-27-nji martda, Tbiliside, Gruziýa;
• «Causasus Build 2025» - gurluşyk, abatlaýyş, mebel we dizaýn halkara sergisi, aprel aýynda, Tbiliside, Gruziýa;
• «BEAUTYISTANBUL» - 6-njy kosmetika, gözellik harytlary, arassaçylyk serişdeleri, şahsy haryt nyşanlary, gaplama we ingrediýentler boýunça halkara sergisi, 8-10-njy maý aralygynda «TUYAP» sergi merkezinde, Stambul, Türkiýe;
• «Elektro-Fachhandelstage 2025» - öý hojalyk elektronikasynyň we telekommunikasiýa önümleriň sergisi, 26-27-nji sentýabrda, Linsde, Awstriýa;
Kärhanalaryň, restoranlaryň, myhmanhanalaryň we azyk senagatynyň halkara sergisi, 8-11-nji noýabrda, Zalsburgda, Awstriýa.