Saud Arabystany nemes kompozitory, «Oskar», «Altyn globus» we «Grammy» baýraklarynyň eýesi Hans Simmer bilen milli Senanyň täze saz nusgasyny döretmek barada gepleşikleri alyp barýar. Bu barada ýurduň Göwün açyşlyklar boýunça baş edarasynyň ýolbaşçysy Türki Al aş-Şeýh habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Edaranyň başlygy sosial ulgamda kompozitor Simmer bilen bile düşen fotosuratyny ýerleşdirip, ony «biziň döwrümiziň iň beýik sazandalarynyň biri» diýip atlandyrdy. «Biz onuň bilen geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşdyk. Olar ýakyn wagtlarda durmuşa geçer diýip umyt edýärin. Olaryň arasynda Saudyň milli senasynyň täze saz redaksiýasy hem bar, ony ýerine ýetirmekde dürli saz gurallary ulanylar» diýip, Türki Al aş-Şeýh ýazdy.
Ol şeýle-de öz ýolbaşçylyk edýän edarasynyň kompozitoryň «Ýarmuk ugrundaky söweş» atly saud filmi üçin saz ýazmaga gatnaşmagynyň mümkindigini hem habar berdi.