Pariž şäherindäki Luwr muzeýiniň binasy gaty köneldi we çynlakaý abatlaýyş işlerine mätaç. Bu barada muzeýiň direktory Lorans De Kar Fransiýanyň medeniýet ministri Raşide Datä ýazan hatynda habar berdi. Hatda muzeýiň jaýynyň «howsala döredýän derejede çagşandygy» bellenýär diýip, «Le Parisien» gazeti ýazýar.
Luwruň direktorynyň sözlerine görä, binanyň güýçli çagşandygy onuň içki binalaryna suwuň girmek howpuny döredýär. Howanyň temperaturasynyň üýtgäp durmagy, öz nobatynda, muzeýdaki sungat eserlerine zyýan ýetirip biler.
Luwrda myhmanlaryň dynç almagy üçin ýerleriň ýokdugy, arassaçylyk düzgünleriniň we azyk üpjünçiliginiň halkara ölçeglerine laýyk gelmeýändigi hem beýan edilýär.
Muzeý ýylda 4 million adamy kabul etmäge niýetlenendir. Emma geçen ýyl oňa 8,7 million adam baryp görüpdir, bu bolsa, onuň işiniň agyrdygyny görkezýär diýip, ady tutulan neşir belleýär.
Dünýäde meşhur Luwruň häzirki ýagdaýy barada ýurduň döwlet Baştutany hem habarly edilipdir, eýýäm degişli edaralar bilen Prezidentiň arasynda gepleşikler alnyp barylýar.
Bu barada «MIR 24» ýazýar.