Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Eýran we Türkmenistan Horasan-Rezawi arkaly serhetýaka hyzmatdaşlygyny berkidýärler

14:5720.01.2025
0
21851

Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehaniniň Horasan-Rezawi welaýatynyň häkimi Golamhoseýin Mozaffari bilen duşuşygynda serhetýaka hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alnyp maslahatlaşdy. Mehr neşiriniň habar berşi ýaly, Ruzbehani Horasan-Rezawi serhet geçelgeleriniň iki ýurduň arasyndaky esasy derweze bolup, ösdürmek üçin iň uly mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Türkmenistan biziň üçin geljegi uly bazarlaryň biri bolup durýar we biz ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklarda täze sahypany ösdürmegi dowam etdireris - diýip, Eýranyň ilçisi Ruzbehani duşuşykda belledi.

Häkim Golamhoseýin Mozaffari duşuşygyň dowamynda telekeçileriň we söwda wekilleriniň geçmegini ýeňilleşdirmek üçin Sarahs serhet geçelgesini döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem ol welaýatyň serhet nokatlarynda ýeke-täk dolandyryş ulgamyny ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Duşuşyk welaýat häkiminiň iş dolandyryş diwanynda geçdi.

Horasan-Rezawi welaýaty bilen Türkmenistanyň arasyndaky bilelikdäki serhediň uzynlygy 532 kilometr bolup, ol Kuçan, Dergez, Kelat, Sarahs we Salehabat etraplarynyň çäginden geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň