Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň täze bellenilen wekili YHG-nyň Baş sekretaryna ynanç hatlaryny gowşurdy

12:3020.01.2025
0
15951

Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine bellenen ilçi Ylýas Gaýypow YHG-nyň baş sekretary, ilçi Asad M.Hana ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada YHG-nyň metbugat beýanatynda bellenilýär.

Ilçi Asad M Han Ylýas Gaýypowy mähirli kabul edip, YHG-nyň çäginde sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we ösdürmek boýunça Türkmenistanyň hemişelik wekili bilen ýakyndan işleşmäge taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşykda Y.Gaýypow sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesinde ýurdunyň berk ygrarlydygyny aýtdy. Ilçiniň bellemegine görä, sebitdäki ykdysady ösüşi we durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin söwda, ulag we energiýa ýaly esasy pudaklara ünsi jemlemeli.

Duşuşykda YHG-nyň çäginde boljak möhüm wakalar, sebitleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen käbir gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ozal Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilini wezipä belländigi barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň