Türkmenistan dabaraly ýagdaýda Täze ýyly garşylady, Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny tassyklady, «Türkmen Owazy» aýdym-saz teleýaýlymy 16 ýyllygyny belledi we beýleki habarlary
Türkmenistanda
1. Türkmenistanda Täze 2025-nji ýyly garşylamak üçin baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyryldy. Bezelen arçalar we çagalaryň gatnaşmagy söýgüli baýramçylyga aýratyn öwüşgün çaýdy. Aşgabatda Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada hem-de «Ylham» seýilgähinde belli estrada aýdymçylary çykyş etdiler, baýramçylyk dabaralary guraldy. Sanly ulgam arkaly teleköpri görnüşinde dabaralara Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, şeýle hem welaýatlaryň wekilleri goşuldylar.
https://turkmenportal.com/blog/86399/turkmenistan-torzhestvenno-vstretil-novyi-2025-god
2. Teleköpriniň dowamynda esasy pursat ýetip geldi: Prezident Serdar Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlendi.
3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmek boýunça netijeli çäreleriň dowam etdiriljekdigini belledi. «Tamamlanyp barýan ýylda bereketli topragymyzda öndürilýän pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Geljekde hem oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçireris» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
4. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna dürli ýurtlaryň ýolbaşçylaryndan Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar. Daşary ýurtly kärdeşleri Türkmenistanyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan edip, öz ýurtlary bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly we strategiki gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigini bellediler.
5. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna 2025-nji ýylda parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
6. 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda ir bilen Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary Orazjahan hem-de Ýazmergen Atageldiýewleriň maşgalasynda agramy 4100 gram, boýy 54 santimetr bolan oglanjyk dünýä indi. Parahat diýip at goýlan oglanjyk Täze ýylda Türkmenistanda dünýä inen ilkinji çaga boldy.
https://turkmenportal.com/blog/86409/v-turkmenistane-rodilsya-pervyi-rebenok-2025-goda
7. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen «Türkmen Owazy» teleýaýlymy ýaýlyma berilmeginiň 16 ýyllygyny belledi.
8. 2024-nji ýylda Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde 985 çaga bejergi aldy. Häzirki wagtda Merkezde 54 çaga bejergi alýar, Merkezdäki çagalar bagynda bolsa 97 çaga terbiýelenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji gününde Merkezde Aýazbabanyň we Garpamygyň gatnaşmagynda Täze ýyl dabaralary geçirildi. Bejergi alýan çagalar Arkadag şäherine gezelenje gatnaşdylar we şäheriň Baş arçasynyň daşyndan aýlandylar. Baýramçylyk dabarasy Merkezde dowam etdi, bu ýerde çagalar öz zehinlerini görkezdiler, olara Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
9. Döwletliler köşgünde guralan Täze ýyl dabarasynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Dabara baýramçylyk äheňinde bezelen zalda Aýazbabanyň, Garpamygyň we 2025-nji ýylyň nyşany bolan Ýylanyň gatnaşmagynda geçirildi.
10. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekip, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2025-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawyny hem-de olary geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklady. Ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna degişli çäreleriň ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
https://turkmenportal.com/blog/86380/prezident-turkmenistana-utverdil-plan-meropriyatii-na-2025-god