Türkmenbaşy şäherinde Gazagystan konsullygynyň täze binasy açyldy. Açylyş dabarasyna Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew gatnaşdy. Bu barada Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
«Bu waka Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky dostlugyň nyşany bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde, medeni gatnaşyklary berkitmekde we iki ýurduň raýatlaryna goldaw bermekde möhüm ädim boldy» diýlip, çeşmede bellenilýär.
Nurlan Nogaýew açylyş dabarasynda eden çykyşynda iki ýurduň Liderleriniň arasyndaky gepleşikleriň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň esasy bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de ilçi umumy kabul edilen ýörelgeleriň, umumy taryhy kökleriň we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmagyň Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategiki tebigatynyň esasyna öwrülendigini aýtdy.
Ozal habar berşimiz ýaly, ilçiniň saparynyň çäklerinde Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow we Türkmenbaşy şäheriniň häkimi A.Isaýew bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle-de gazak diplomaty Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna we «Garabogazkarbamid» zawodyna baryp gördi.