5-6-njy dekabrda Aşgabatda Federasiýa Geňeşiniň Parlament işiniň düzgünleri we guramaçylyk işleri boýunça Komitetiniň başlygy Wýaçeslaw Timçenkonyň ýolbaşçylyk edýän Russiýanyň senatorlarynyň wekiliýeti sapar bilen boldy.
Russiýanyň DIM-niň habar bermegine görä, bu saparyň çäklerinde wekiliýetiň agzalary tejribe alyşmak we iki ýurduň parlamentara hyzmatdaşlygyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde birnäçe duşuşyklary geçirdi.
Russiýanyň senatorlary şeýle hem A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň işi bilen tanyşdylar. Bu ýerde olar orta mekdebiň ýolbaşçylary we okuwçylary bilen söhbetdeş boldular.
Şeýle hem Russiýanyň wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin bilen duşuşdy we Aşgabadyň rus prawoslaw ybadathanasyna baryp gördüler.