Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandi Aşagabatda geçiriljek maslahata çagyryldy

12:0318.10.2024
0
5300

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow Ženewada geçirilen ýygnakda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandini we onuň toparyny 8-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek raýatsyzlyk meselesi boýunça sebitleýin maslahata gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň Ženewadaky ilçihanasynyň web sahypasynda habar berlişine görä, bu maslahat sebit, dünýä derejesindäki raýatsyzlyk bilen baglanyşykly meseleleri ýok etmek maksady bilen tejribe alyşmak we strategiýalary işläp düzmekde möhüm çäre bolar.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Ženewa şäherinde geçen 75-nji sessiýasynyň çäginde BMG-niň Gorag boýunça Ýokary komissarynyň kömekçisi hanym Ruwendrini Menikdiwela hem Aşgabatda geçiriljek maslahata gatnaşmaga çagyryldy.

Öň Türkmenistanda işlän hanym Menikdiwela, türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlykda toplan tejribesi barada höwes bilen gürrüň berip, ýurduň ynsanperwer ugurlarynda gazanan üstünliklerini belläp geçdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, ol Türkmenistanyň raýatsyzlyk boýunça meseleleri çözmekde edýän tagallalarynyň ähmiýetini belläp, ýakyn wagtda geçiriljek sebitleýin maslahata gatnaşjakdygyny tassyklady.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary Filippo Grandiniň raýatsyzlygy ýok etmekde Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň tagallalaryna ýokary baha berýändigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň