Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

14-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

16:0214.10.2024
0
20047

Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary tamamlandy, Türkmenistanda Magtymgulynyň ermeni dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy, meşhur küştçi Naýjel Şort Türkmenistana geldi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 12-nji oktýabrda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary tamamlandy. Saparyň dowamynda türkmen-mongol söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns çekildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Mongoliýany Türkmenistanyň Hazar deňzindäki port kuwwatlyklaryny ulanmak mümkinçiligine seretmäge çagyrdy. Saparyň möhüm netijesi hökmünde ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna, şol sanda howa hem-de awtomobil gatnawlary, oba hojalygy, weterinariýa, medeniýet we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklara gol çekildi.

2. Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň we türkmen tarapynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirildi. Çäre türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, şeýle hem aýdym-sazly maksatnama bilen utgaşdyryldy.

3. Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy Simona-Mirela Mikuleskunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Türkmenistanda geçirilýän medeni-ynsanperwer çäreleriň ähmiýeti, hususan-da «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň ýokary derejede geçirilendigi bellenildi.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň häkimini wezipeden boşatmak we wezipä bellemek hakynda Permanlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, Atamyrat Ýagmurow etrabyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Baýram Çungaýew bellenildi.

5. Aşgabadyň ýaşaýjysy, Beýik Watançylyk urşunyň weterany Walentina Ýakowlewna Žerdewa 101-nji ýaş toýuny belledi. Walentina Ýakowlewna ýigrimi ýaşyndaka meýletin fronta gitdi we artilleriýa goşunlarynyň hatarynda basybalyjylara garşy söweşdi, şol ýerde zenit ýaraglaryny dolandyrýardy. Görkezen edermenligi üçin ol birnäçe ordenler we medallar bilen sylaglandy. Uruş tamamlanandan soň, Walentina Ýakowlewna Aşgabatdaky kärhanalarda işledi.

6. Türkmenistana «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama gowşuryldy. Çäre Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda geçirildi. Çykyş edenler bu çözgüdiň Türkmenistan üçin taryhy ähmiýetini bellediler hem-de munuň türkmen seýisleriniň we çapyksuwarlarynyň yhlasyna bildirilen hormatdygyny nygtadylar.

7. Awstriýanyň «Gerther» kompaniýasynyň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördüler. Wekiliýetiň agzalary portuň mümkinçilikleri, gurnalan enjamlar we hödürlenýän hyzmatlar bilen tanyşdylar. Saparyň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi, onuň netijesinde Awstriýanyň kompaniýasynyň baş direktory Aleksandr Masinger portuň infrastrukturasyna ýokary baha berdi. Şeýle hem ol portuň enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, noýabr aýynda hünärmenleriň toparynyň Türkmenistana saparyny meýilleşdirmek teklip edildi.

Dünýäde

8. Hindistanda täze toý möwsümi başlaýar, Söwda konfederasiýasynyň çaklamalaryna görä, bu möwsüm ýurduň ykdysadyýetine rekord derejede 70 milliard dollar girdeji getirer. Hindi medeniýetinde toý diňe bir baýramçylyk däl-de, eýsem, iň möhüm durmuş wakasydyr. Onuň üçin maşgalalar çagalarynyň dünýä inen pursatyndan başlap, onlarça ýyllap pul toplaýarlar. Däp bolşy ýaly, toý döwri oba hojalygy möwsüminiň tamamlanmagyna gabat gelýär, bu döwürde howa şertleri açyk asmanyň astynda iri dabaralary geçirmek üçin amatlydyr. Dekabr aýynyň ortalaryna çenli dowam edip, ýanwar aýynda täzeden başlaýan bu möwsüm dürli däp-dessurlary, tans maksatnamalaryny we kaşaň oturlyşyklary öz içine alýan ýaly köp sanly dabaralara baý bolýar.

Sport täzelikleri

9. 1993-nji ýylda dünýä çempionlygy ugrunda Garri Kasparowa garşy geçiren oýny bilen meşhur bolan küştçi Naýjel Şort bir hepde Aşgabatda bolup, birnäçe möhüm çärelere gatnaşdy. 10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň kubogy ugrundaky geçirilen blis ýaryşyna gatnaşmagy onuň ýurdumyza saparynyň iň ýatda galyjy pursaty boldy. Şort mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk gazanyp, ýeňiş gazandy. Ýaryşyň ýapylyş dabarasyna Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Stiwen Konlon hem gatnaşdy, onuň hut özi watandaşyna altyn medaly gowşurdy.

10. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn Asyr» futbol kluby Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň 24-nji tapgyrynyň yza süýşürilen oýnunda «Aşgabady» 3:1 hasabynda ýeňdi. 78-nji minutda Myrat Annaýew 11 metrlik jerime urgusyndan hasaby açýança duşuşyk uzak wagtlap golsuz dowam etdi. Wahyt Orazsähedow 85-nji minutda «Altyn Asyryň» üstünligini artdyrdy, birnäçe minutdan Annaýew ýene bir 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, dubl etdi. «Aşgabat» duşuşygyň soňky minutlarynda Şamyrat Mämmedowyň tagallasy bilen bir pökgi geçirmegi başardy. Bu ýeňiş «Altyn Asyryň» çempionatda ikinji orny eýelemegine mümkinçilik berdi. Toparyň 52 utugy bar, üçünji orunda barýan «Ahal» hem şol mukdarda utuk toplady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň