Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy önümleriniň görnüşini artdyrmagy dowam etdirýär

10:4206.07.2024
0
13570

Aşgabatdaky «Dostlukly Zähmet» dermanhanasy önümleriniň görnüşini artdyrmagy dowam etdirýär. Dermanhanada köp sanly lukmançylyk enjamlary, ortopediki önümler, dermanlar, şeýle hem eneler we bäbekler üçin harytlar hödürlenýär.

Dermanhananyň wekiliniň belleýşi ýaly, önümleriň üsti Germaniýadan, Awstriýadan, Latwiýadan, Şweýsariýadan, Hindistandan we beýleki ýurtlardan dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary hilli dermanlary we lukmançylyk serişdeleri bilen yzygiderli ýetirilip durulýar.

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasynda kosmetiki önümlere aýratyn üns bermelisiňiz: «Vichy», «La Roche-Posay» we «Catalice» ýaly meşhur brendleriň kremleri, ýapgylary, şampunlary, ýüze, bedene we saça ideg üçin serişdeleri.

Müşderilere amatlylyk üçin dermanhanada arzanladyş ulgamy girizildi. Her anna güni birnäçe önüme 3,5% arzanladyş hereket edýär. Mundan başga-da, belli bir mukdarda önüm satyn alnanda, müşderiler arzanladyş kartyny alýarlar.

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy şu salgyda ýerleşýär: S.Seýdi köç., «Rysgally» binasy, 1-nji gat

Telefonlar: (+993 12) 41 55 01, 19 03 05, 19 03 09. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň