Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy arzanladyş kartyny resmileşdirmegi teklip edýär

14:2930.05.2024
0
13538

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy müşderileri üçin täze aksiýa yglan edýär. Indi her bir müşderi arzanladyş kartyny resmileşdirip, ähli önümlere arzanladyş alyp biler.

«Dostlukly Zähmetde» ilkinji söwdadan soň, indiki söwdalaryň hemmesine 3% arzanladyş hukugyny berýän arzanladyş kartyny alarsyňyz.

Talyplar üçin talyp şahadatnamasy görkezilende 4% arzanladyş göz öňünde tutulandyr.

Şeýle hem pensionerler pensiýa şahadatnamasyny görkezip, arzanladyş kartyny alyp bilerler. Pensionerler üçin arzanladyş 5%.

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasynda iň giň ýaýranlardan başlap, seýrek we ýöriteleşdirilen dermanlara çenli lukmançylygyň ähli ugurlaryna degişli dermanlar hödürlenýär.

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasynyň wekili bu ýerde üpjün edijileriň saýlanylmagyna aýratyn üns berilýändigini aýtdy: «Biz «OlainFarm» (Latwiýa), «Abbot» (ABŞ), «Sopharma» (Bolgariýa), «KRKA Berlin-CHEMIE» (Sloweniýa), «BiONORICA» (Germaniýa), «Grindeks» (Latwiýa), «EVER PHARM» (Awstriýa) «Eladiet» (Ispaniýa), «Ajanta» (Hindistan) ýaly dünýäniň ygtybarly we ynamdar öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk edýäris».

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasyna şu salgy boýunça baryp bilersiňiz: S.Seýdi köç., «Rysgally» binasy, 1-nji gat ýa-da şu telefonlar arkaly sargyt ediň: (+993 12) 41 55 01, 19 03 05, 19 03 09.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň