«Dostlukly Zähmet» dermanhanasynda her anna güni belli bir harytlar 3,5% arzan

14:4622.05.2024
1
14998

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasynda her anna güni arzanladyş çäresi geçirilýär. Şonuň esasynda hem müşderiler belli bir derman we lukmançylyk harytlaryny 3,5% arzan satyn alyp bilerler.

Dermanhananyň müşderileriniň köpüsi bu arzanladyşyň artykmaçlyklaryna ýokary baha berip, derman almagy her anna gününe meýilleşdirýärler.

«Müşderilerimize saglygy üçin möhüm bolan önümleri ýetirmekde amatly mümkinçiligi hödürläp bilýändigimize begenýäris» diýip, dükanyň wekili belleýär.

Mundan başga-da, derman serişdelerini satyn almagy mümkin boldugyndan amatly etmek üçin «Dostlukly Zähmet» dermanhanasy müşderilerine Aşgabadyň ähli ýerine eltip bermek hyzmatyny hödürleýär. Sargytlaryň tölegini nagt ýa-da bank karty arkaly töläp bilersiňiz.

«Dostlukly Zähmetde» dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden kepillendirilen dermanlaryň we lukmançylyk önümleriniň giň haryt görnüşlerini tapyp bilersiňiz:

  • dürli terapewtiki toparlaryň dermanlary we goýberiş görnüşleri;
  • saglyk we gözellik önümleri;
  • lukmançylyk enjamlary.

Dermanhana derman bazaryndaky täze önümlere gözegçilik edýär we müşderileri iň möhüm we täsirli dermanlar bilen üpjün etmek maksady bilen yzygiderli gerimini giňeldýär.

«Dostlukly Zähmet» dermanhanasy şu salgyda ýerleşýär: Seýitnazar Seýdi köçesi, «Rysgally» binasy, 1-nji gat.

Telefon belgileri: (+993 12) 41 55 01, 19 03 05, 19 03 09. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň