Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

28-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti

15:3428.06.2024
0
12913

Türkmenistanda «Daewoo» we «Kawasaki» kompaniýalarynyň wekilleri kabul edildi, Sankt-Peterburgyň gubernatory Türkmenistanyň Prezidentini Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bilen gutlady, «Hor Tureskogo» Aşgabatda aýdymlary türkmen dilinde ýerine ýetirdi we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bek Jung-Wan bilen duşuşdy. Myhman döwlet Baştutanyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň mähirli salamyny ýetirdi we Arkadag «akylly» şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilýän duşuşyga örän şatdygyny aýtdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar gaz we himiýa senagaty, ulag, ýokary tehnologiýalar we maýa goýum ulgamlary ýaly hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy. Ýaponiýa Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň uzakmöhletleýin strategik hyzmatdaşy bolup durýar. Ýurtlar ikitaraplaýyn derejede we halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurduň kompaniýanyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek baradaky tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

3. Тürkmen halkynyň Milli Lideri «Daewoo» prezidenti bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistana gelip görmäge örän şatdygyny nygtady. Gurbanguly Berdimuhamedow bu saparyň hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi.

4. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Urumçi şäherinde geçirilýän «Hytaý – Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine gatnaşýar. Türkmenistanyň diwarlygy sergä gatnaşyjylary we onuň myhmanlaryny ýurduň içerki bazarynyň ösüşi, hyzmatdaşlyk üçin söwda-ykdysady mümkinçilikleri we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljegi bilen tanyşdyrýar. Serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlary, tejribe alyşmak boýunça maslahatlar, beýleki işewür we medeni çäreler geçirilýär.

5. Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Gubernator hatynda Magtymgulynyň döredijilik mirasynyň türkmen halky we dünýä medeniýeti üçin ähmiýetini belläp geçdi. Beglow şahyryň goşgularynda Watana söýgi, parahatçylyk söýüjilik, döredijilik, dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň beýan edilýändigini belledi.

6. Russiýanyň «Hor Tureskogo» topary Aşgabatda iki konsert berdi we ilkinji gezek türkmen dilinde aýdymlary ýerine ýetirdi. «Bibijan» we «Ak şäherim – Aşgabat» atly meşhur türkmen aýdymlary ýerine ýetirildi. Tureskiý we onuň topary Aşgabat üçin köpöwüşgünli çykyşlary taýýarladylar. Konsertiň maksatnamasy Türkmenistanda surata düşürilen «Çölüň ak Güneşi» filmindäki «Garagum» we «Siziň alyjenabyňyz» («Ваше благородие») aýdymlaryny öz içine aldy.

7. Ankaranyň merkezinde ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy. Türkmenistanyň ilçihanasy tarapyndan guralan çärä Türkiýäniň Medeniýet ministriniň orunbasary Nadır Alpaslan, Ankaradaky daşary ýurtlarynyň diplomatiki wekilhanalarynyň, Türkiýäniň dürli ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, tanymal ýazyjylar we jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyplar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdy.

Dünýäde

8. Garri Potter hakyndaky ilkinji kitabyň sahaby üçin taýýarlanan surat bezeginiň asyl nusgasy auksionda 1,9 million dollara satylyp, täze rekord goýdy. Bu ýaş jadygöý franşizasy bilen baglanyşykly zatlaryň arasynda iň gymmat satuw boldy. 1997-nji ýylda 23 ýaşly suratkeş Tomas Teýlor tarapyndan döredilen akwarel surat Garri Potteri we onuň dünýäsini ilkinji bolup suratlandyrdy. Suratda Hogwarts-ekspressiň öňünde duran baş gahryman şekillendirilipdir.

9. Hytaýly telekeçi Lin öýde ösdürip ýetişdirmek üçin bişmedik ýaşyl bananlary satmak bilen üstünlikli işewürlik döretdi. Ozalky tehniki hünärmen sosial ulgamlarda ýüze çykan bu trendi özüçe peýdalandy we alyjylara bananyň wazada bişişini synlamak tejribesini hödürledi. «Alibaba» bilen hyzmatdaşlyk we önümiň täzelenmesi satuwlaryň köpelmegine getirdi. Lin indi her gün takmynan 50 000 kilogram banan satýar we aýda 280 000 dollar gazanýar.

Sport habarlary

10. «Ahal» futbol klubynyň baş tälimçisi Döwletmyrat Annaýew Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň täze tälimçisi wezipesine bellenildi. Annaýew üçin ilkinji synag ýaşlar toparlarynyň arasynda Merkezi Aziýa Futbol Assosiasiýasynyň çempionaty bolar. Bu ýaryş 5 – 12-nji iýul aralygynda Gyrgyzystanda geçiriler. Toparçalaýyn tapgyrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Eýranyň we Özbegistanyň toparlary bilen oýnar.

11. Türkmenistanly türgenler abraýly «Ýüpek ýoly – 2024» atly halkara rallisine gatnaşarlar. Ralli 5 – 15-nji iýul aralygynda Russiýanyň we Mongoliýanyň çäginde geçiriler. 5 müň km-den gowrak aralygy geçmek boýunça ýaryş Tomskide başlar we Ulan-Batorda tamamlanar. «Ýüpek ýolunyň» şu ýyl 15 ýyllygyny belleýändigini bellemek gerek. Ralli ilkinji gezek 2009-njy ýylda Kazan – Aşgabat ugry boýunça geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň