Gazagystanyň Türkmenistana eksportynyň mümkinçiligi 120 million dollara deňdir

11:3015.06.2024
0
9963
Gazagystanyň Türkmenistana eksportynyň mümkinçiligi 120 million dollara deňdir
Surat: gov.kz

13-nji iýunda Astana şäherinde Gazagystan Respublikasynyň söwda we integrasiýa ministri Arman Şakkaliýew bilen Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýewiň arasynda duşuşyk boldy. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministrliginiň habaryna görä, 2023-nji ýylda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygy 28,4% ýokarlandy we 563,1 million dollara deň boldy.

Duşuşykda ministrler söwdanyň mukdaryny mundan beýläk-de ösdürmek we oňyn ösüşini saklamak üçin, zerur tagallalary görmek barada pikir alyşdylar. Türkmen bazary Gazagystanyň gaýtadan işlenen önümleriniň eksporty üçin uly gyzyklanma döredýär. Gazagystanyň söwda ministriniň sözlerine görä, Türkmenistana eksporty artdyrmak mümkinçiligi 120,3 million dollara deňdir.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýew iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem Türkmenistanyň serhetýaka sebitlerinde söwda öýlerini açmak mümkinçiligini göz öňünde tutmagy teklip etdi, bu pikir hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin goşmaça itergi bolar.

– Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiniň ähmiýetini göz öňünde tutup, Gazagystanyň eksport karz gullugy («Gazagystan eksporty») uzak möhletleýin söwdany maliýeleşdirmek we ätiýaçlandyryş pudagynda türkmen hyzmatdaşlaryna goldaw bermäge taýýardyr – diýip, gazagystanly ministr A.Şakalliýew belledi. Şeýle hem Gazagystan, demir ýol-inženerçilik önümlerini we beýleki ýokary tehnologiýaly önümleri «GazakhExport» ätiýaçlandyryşy bilen üpjün etmek teklibini mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň