Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

17-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary

11:0117.05.2024
0
6322

Gurbanguly Berdimuhamedow parahatçylygyň hatyrasyna yslam başlangyjy döretmegi teklip etdi, TÜRKSOÝ-yň başlyklygy resmi taýdan Türkmenistana geçirildi, Aşgabatda medeniýet ministrleriniň derejesinde halkara maslahat öz işine başlady we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Kazanda geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi» strategik garaýyş toparynyň mejlisinde Parahatçylygyň, özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň hatyrasyna yslam başlangyjyny işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Türkmenistan bu başlangyjy çemeleşmeleriňdir teklipleriň ylalaşykly toplumy, parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, adalatlylygyň dini bolan yslam dininiň ýörelgeleri esasynda dünýä halklaryna ýüzlenýän özboluşly «Ýol kartasy» hökmünde görýär diýip, ýurduň halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasynyň başlygy aýtdy.

2. Türkmenistan Aşgabatda geçirilen mejlisde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň başlyklygyny resmi taýdan kabul etdi. TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ÝUNESKO Milli toparlarynyň 10-njy mejlisindeTÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa degişli nyşany gowşurdy. Rüstemowa mundan beýläk Türkmenistanyň adyndan TÜRKSOÝ-a ýolbaşçylyk eder.

3. Şu gün Aşgabadyň günortasynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy we beýikligi 60 metr bolan şahyryň ajaýyp ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açylar. Magtymgulynyň ýadygärliginiň we seýilgäh toplumynda oturdylan görnükli şahsyýetleriň heýkelleriniň üstünde heýkeltaraş, Türkmenistanyň halk suratkeşi, hormatly il ýaşulysy Saragt Babaýew we onuň topary işlediler.

4. Şu gün Aşgabatda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeniýet ministrleri derejesinde geçirilýän halkara maslahat öz işine başlady. Şanly waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

5. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçisi Orazmuhammet Çaryýewi, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. Çaryýewiň Türkmenistanyň Müsürdäki, Palestinadaky, Omandaky we Iordaniýadaky ilçisi wezipelerini hem eýeleýändigini bellemek gerek.

6. Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşdy. Türkmenistanda halk hakimiýetliliginiň ýokary wekilçilik edarasynyň ýolbaşçysy Tatarystanyň dürli ugurlarda ýeten sepgitlerine we Respublikasynyň halaka giňişliginde artýan abraýyna ýokary baha berdi. Duşuşygyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow «KazanForum» forumynyň we Russiýanyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-durmuş ulgamlardaky özara hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini açmaga gönükdirilen çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Dünýäde

7. «Food Network» amerikan teleýaýlymy «Garri Potter: Çörek önümleriniň jadygöýleri» atly täze aşhana gepleşigini yglan etdi. Bu gepleşikde bäsleşige gatnaşýanlar Garri Potteriň dünýäsinden ruhlanan jadyly süýjülikleri döretmek boýunça bäsleşerler. Bu gepleşigi filmiň muşdaklaryna ekiz Uizli doganlary hökmünde tanalýan Jeýms we Oliwer Felpsler alyp barar. Gepleşigiň surata düşüriş işleri Hogwarts hakyndaky filmleriň surata düşürilen ýeri bolan «Liwsden» studiýasynda alnyp barlar. Tomaşaçylar «Hin», «Gringotts», «9¾ platformasy» we Uly zal ýaly tanyş ýerleri görüp bilerler. «Garri Potter: Çörek önümleriniň jadygöýleri» atly gepleşik 2024-nji ýylyň ahyrynda ýaýlyma berler.

8. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy ýürek-damar keselleri sebäpli ölümleriň sanyny azaltmak üçin duz sarp edilmegini azaltmaga çagyrýar. BSGG-niň täze hasabatyna görä, Ýewropadaky ähli ölümleriň 42,5%-i ýürek-damar keselleri, şol sanda duzuň aşa köp sarp edilmegi bilen baglanyşyklydyr. Her gün bu kesellerden 10 müň adam aradan çykýar. Mundan başga-da, erkekleriň ölüm howpy aýallara garanyňda 2,5 esse köp.

Sport habarlary

9. Halkara futbol federasiýasy ady rowaýata öwrülen futbolçylaryň bütin dünýäde gezelençlerini gurmagy we geljekde öňki oýunçylaryň arasynda dünýä çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada guramanyň prezidenti Janni Infantino Bangkokda geçirilen FIFA-nyň 74-nji kongresinde habar berdi.

10. «Forbes» žurnalyna görä, portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu dünýäde iň köp gazanýan türgenleriň sanawynda birinji orny eýeledi. Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň hüjümçisi bir ýylda 260 million dollar gazandy. «Forbes» bu görkezijiniň futbolçylar üçin rekorddygyny belleýär. Ronaldu karýerasynda dördünji gezek bu sanawda birinji orny eýeleýär. Iň köp girdeji gazanan türgenleriň sanawynda ikinji orunda ispaniýaly golfçy Jon Ram ýerleşdi, onuň gazanan girdejisi 218 million dollar boldy. Üçünji orny bolsa 135 million dollar bilen ABŞ-nyň «Inter Maýami» toparynyň argentinaly futbolçysy Lionel Messi eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň