Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Halkara audit» ýokary hilli auditorçylyk we bilim hyzmatlaryny ýetirýär

16:2408.05.2024
0
2680

«Halkara audit» kompaniýasy ýokary hilli auditorçylyk, buhgalteriýa we konsalting hyzmatlaryny hödürleýär, şeýle hem dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny guraýar.

Dürli pudaklardaky, şol sanda daşary ýurt maýasy bolan kärhanalaryň auditorçylyk barlaglarynda tejribe toplamak bilen, kompaniýa buhgalterlik hasabatynyň hilini we öz müşderileriniň hasabatlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga çalyşýar.

Auditorçylyk hyzmatlaryndan başga-da, «Halkara auditiň» hünärmenleri buhgalterlik hasabatyny ýola goýmakdan we hasabatlary taýýarlamakdan başlap, maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmäge çenli buhgalterlik goldawyny berýär. Şeýle hem bu ýerde buhgalterlik we salgyt meseleleri boýunça ýetirilýän maslahatlar elýeterlidir.

«Halkara audit» kompaniýasy okuw maksatnamasynyň çäklerinde ykdysadyýet, maliýe, buhgalterlik hasabaty, salgyt, marketing, dolandyryş, hukuk we maglumat tehnologiýalary ýaly ugurlar boýunça okuwlary geçirýär. Aýry okuwlar bolsa daşary ýurt dillerini öwrenmäge, şol sanda halkara synaglaryna taýýarlyk görmäge bagyşlanýar. Okuwlar birnäçe ylmy ugurlar — biologiýa, himiýa, fizika, matematika we taryh boýunça hem elýeterlidir.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

Okuw hyzmatlary boýunça:

● elektron poçta salgysy: halkara.audit.okuw@gmail.com,
● telefon belgisi: (+993 62) 889679.

Audit we konsalting hyzmatlary boýunça:

● elektron poçta salgysy: halkara.audit@gmail.com,
● telefon belgisi: (+993 65) 725653.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň