«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde talyplaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi

14:2603.04.2024
0
11854

Ýurdumyzda adamlaryň saglygyny berkitmek, sporta bolan söýgini artdyrmak we köpçülikleýin sporty ösdürmek maksady bilen her ýylda geçirilýän «Türkmenistan-ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşlaryna «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary uly ruhubelentlik bilen işjeň gatnaşýarlar.

3-nji aprelde Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň sport zalynda we sport meýdançasynda geçirilen sport ýaryşlary hem sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň barha giň gerime eýe bolýandygyna hem-de ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesini saýlap alýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Ata Watanymyzda ýaşlaryň sagdyn bedenli we sagdyn ruhly, kämil şahslar bolup ýetişmekleri, döwrebap bilim-terbiýe we hünär almaklary üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýaşlar ylym-bilimde, sportda öz başarnyklaryny görkezýärler we uly ruhubelentlik bilen üstünlikler gazanýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň