Türkmenistanyň we Belgiýanyň daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşyk geçirildi

14:3919.03.2024
0
16772

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belgiýanyň daşary işler ministri Hadja Lahbibiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, 18-nji martda bolan duşuşykda ministrler syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar halkara guramalaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny mundan beýläkde ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Şunuň bilen birlikde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça gyzyklanmalary bildirdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň