Soňky habarlar

Arhiw

Birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million dollaryndan geçdi

16:5625.12.2023
0
24168

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geçen hepdäniň dowamynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna BAE-niň, Özbegistanyň, Gruziýanyň hem-de Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagyny hem-de dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Pakistanyň telekeçilerine ýüpek çig maly, aşgarlanmadyk we jins matalary, nah ýüplük, arassalanan nah ýüplügiň galyndylary, buýan köki ýerlenildi.

Türkmen işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 290 million 591 müň manatlykdan gowrak bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ownuk däneli hlor kalisini, şeýle hem el halylaryny, ýorgan-düşek toplumlaryny, nah ýüplügi, çig ýagly kislotany hem-de pagta galyndylaryny satyn aldylar.

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 114 müň dollaryndan gowrak boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň