Top.Mail.Ru

Aşgabatda ýurduň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

02:0916.12.2023
0
39477

Şu gün Aşgabatda — «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdançada ýurduň Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy. Belent başy «2024» ýazgyly sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki giň meýdança dabaralaryň merkezine öwrüldi. Bu ýerde iň owadan belent arça oturdylyp, ertekiler şäherjigi emele geldi. Dürli öwüşginde nur saçýan şarlardyr çyrajyklara, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň töwereginde ýaýbaňlandyrylan dabaralara müňlerçe ýaşlar we uly ýaşly adamlar gatnaşdylar.

Her ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem Türkmenistanda Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy bilen baglylykda, Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk üçin geçilmeli täze, ýörite ugurlar we medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Baş arçanyň töwereginde Aşgabadyň teatr toparlary, ýaşajyk artistler, meşhur estrada aýdymçylary özleriniň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryny ýerine ýetirdiler.

Çagajyklaryň islegi boýunça, Aýazbabanyň jadyly taýagynyň kömegi bilen, Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy dabaranyň iň täsirli pursadyna öwrüldi. Ondan soňra ýurduň şäherleriniň we obalarynyň meýdançalarynda gurnalan Täze ýyl arçalarynyň hem yşyklary ýakyldy. Şeýlelikde, şu gün ýurduň ähli künjeklerinde Täze ýyl dabaralaryna badalga berildi.

Dabaranyň barşynda bagtyýar körpelere Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar we süýjülikler gowşuryldy.

Baş arçanyň ýanynda guralan dabara çagalar horeografiýa toparynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň Täze ýyla bagyşlan aýdymlaryny özünde jemleýän baýramçylyk konserti bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň