Saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumy geçirilýär

02:0915.12.2023
0
38786

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilýän saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumy öz işine başlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu forum Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan guraldy. Ol iki günläp dowam eder.

Foruma Germaniýanyň meşhur klinikalarynyň alymlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, Aşgabatdaky we ýurduň welaýatlaryndaky saglygy goraýyş edaralarynyň, ylmy-kliniki merkezleriň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar. Forumda saglygy goraýyş ulgamynda möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça pikir alşylýar.

Hususan-da, dürli keselleriň öňüni almak, olary irki möhletlerde anyklamak we bejermek, gyssagly kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň