Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Ahalyň» topardaşy AÇL-de pleý-offa çykan ilkinji topar boldy

15:4308.11.2023
0
35216

«Ahalyň» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky topardaşy ― Birleşen Arap Emirlikeriniň «Al-Aýn» futbol topary ýaryşyň pleý-off tapgyryna çykan ilkinji topar boldy.

Ýaryşyň şu möwsüminde geçiren dört duşuşygynyň hiç birinde-de utuk ýitirmedik topar dört duşuşykda toplan 12 utugy bilen ýaryşyň pleý-off tapgyryna adyny ýazdyrmagy başaran ilkinji topar boldy. «Al-Aýn» düýn hem myhmançylykda Saud Arabystanynyň «Al-Feýhasyny» 3:2 hasabynda ýeňdi.

Toparçanyň beýleki wekillerinden «Pahtakor» bilen «Ahalyň» 4, «Al-Feýhanyň» bolsa 1 utugy bagy. Şonuň üçin hem mundan beýläk toparçada birinji orun ugrunda ýiti göreş gider.
Günbatar sebitde toparçada ikinji orny eýelän iň gowy toparlaryň üçüsiniň ýaryşy dowam etdirip biljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň