6-njy noýabrda Ženewada Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilişine 4-nji Ählumumy döwürleýin syn bermek çäresi geçiriler. Çärede Türkmenistanyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk eder diýip, «nCa» internet portaly habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Adam hukuklary boýunça Geňeşiň iş topary Malaýziýanyň, Çernogoriýanyň we Sudanyň wekillerini öz içine alýar. Bu topar 6 — 17-nji noýabr aralygynda geçiriljek mejlisde, Türkmenistandan başga-da, ýene on üç ýurduň milli hasabatlaryny gözden geçirer.
Ählumumy döwürleýin syn BMG-ä agza ýurtlarda adam hukuklarynyň berjaý edilişi baradaky hasabatlara yzygiderli syn bolup durýar. Ählumumy döwürleýin synyň iş topary 47 döwletiň wekillerinden ybarat bolup durýar. Geňeşiň ilkinji mejlisinden bäri eýýäm üç aýlaw syn geçdi diýip, çeşme habar berýär.