Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlar boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip etdi. Bu barada TDH habar berdi.
Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen maýa goýumlary babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýändigini we bu ýerde esasy maksadyň ýurtda durmuşa geçirilýän iri energetika we infrastruktura taslamalaryna daşary ýurt maýalaryny çekmekden ybarat bolup durýandygyny nygtady.
— Şeýlelikde biziň öňümizde işlemek üçin giň meýdança açylýar. Şunuň bilen baglylykda, Bilelikdäki maýa goýum fonduny hem-de Maýa goýumlar boýunça Bilelikdäki iş toparyny döretmegi teklip edýäris — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany, şol bir wagtda, türk maýadarlarynyň we senagatçylarynyň ýurtda alyp barýan işlerini maliýe taýdan düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkiýäniň käbir uly banklarynyň Türkmenistanda şahamçasyny açmak meselesine seretmegiň hem makul görülýändigini aýtdy.