Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» DK ýyladyş gazanlaryny hödürleýär

14:5523.10.2023
0
30948

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasy gaz gazanlarynyň dürli görnüşlerini we dürli ölçegdäki ýylylyk ýaýradyjy ýyladyş gurluşlaryny hödürleýär.

Gaz gazanlary otaglary we suwy ýylatmak üçin ulanylýar. Gazanyň güýji onuň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Enjam näçe güýçli bolsa, şonça-da uly meýdany gyzdyryp bilýär. Mundan başga-da, ýyladyş gazanlary gyzgyn suw bilen üpjün etmek üçin niýetlenen birleşdirilen ulgamlarda hem ulanylýar. Munuň üçin ýylylygy gönüden-göni ýyladyş ulgamyndan geçirýän gytaklaýyn görnüşli suw gyzdyryjylary oturdylýar.

«Nebitmaş» DK: uzynlygy 1750-den 3850 mm-e, ini 900-den 1800 mm-e, beýikligi 1050-den 1920 mm-e çenli dürli ululykdaky gazanlary hödürleýär. Gazanlardaky basyşyň derejesi 40 Pa deňdir, çykýan gazlaryň temperaturasy 110 gradusa, suwuň temperaturasy bolsa 45 gradusa çenlidir.

Gaz gazanlarynyň artykmaçlyklary: peýdalanmagyň aňsatlygy, özbaşdaklygy we bahasynyň elýeterli bolmagy.

Ýeri gelende bellesek «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ýurduň nebitgaz we elektrotehnika senagaty, halk hojalygynyň beýleki pudaklary, şeýle hem energetika toplumynyň infrastrukturasy üçin dürli görnüşli önümleri öndürýär.

Döwlet kärhananyň wekilleri bilen şu salgyda habarlaşyp bilersiňiz: Aşgabat, 2008-nji köç., 6-njy jaý.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69.

Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň