Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Kubogy ― 2023: «Merw» ― «Ahal» duşuşygynda ýeňiji ýok

18:4627.09.2023
0
22632

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogynyň ýarym finalyndaky «Merw» ― «Ahal» duşuşygynda ýeňiji kesgitlenilmedi. Mary şäherinde geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

77-nji minutda hüjümçi Myrat ýagşyýew ýer eýelerini hasapda öňe çykaran hem bolsa, «Ahal» 95-nji minutda Elman Tagaýewiň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusyndan soň hasaby deňläp bildi. 93-nji minutda Muhammet Öwezmyradowyň meýdandan çykarylmagy bilen «Ahalyň» 10 adam bolup galandygyny hem aýtmak gerek.

Iki toparyň arasyndaky jogap duşuşygy 20-nji oktýabrda geçiriler.

Çärýek finalda «Ahalyň» «Şagadamdan» (4:1 we 3:0), «Merwiň» bolsa «Aşgabatdan» (3:1 we 2:2) hasabynda üstün çykandygyny ýatladýarys.

Öýde ― myhmançylykda usulynda geçirilýän duşuşyklardan soň iki toparyň biriniň ýaryşyň finalyna çykjakdygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň