Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Wýetnamyň täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

21:0611.09.2023
0
24936
Wýetnamyň täze bellenen ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Türkmenistandaky (oturýan ýeri Moskwa ş.) täze bellenen ilçisi Dang Ming Hoý bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda ynanç hatlarynyň nusgalary kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, W.Hajiýew ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de onuň diplomatik işini durmuşa geçirmekde türkmen tarapynyň ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar wajyp ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Diplomatlar halkara guramalarynda, ilkinji nobatda, BMG-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň zerurdygyny bellediler diýlip, habarda bellenilýär.

Şeýle hem taraplar ýokary derejedäki saparlary guramak meseleleri babatynda pikir alyşdylar. Türkmenistanyň we Wýetnamyň Parlamentleriniň türkmen-wýetnam dostluk toparlarynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary iki ýurduň parlamentariýleriniň saparlaryny alyşmak arkaly işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň