Aşgabat şäherindäki «Berkarar» söwda we dynç alyş merkezinde ýerleşýän «Soltan» restoranlar tory türk aşhanasyny hem-de süýjülikleri halaýanlar üçin türk hem-de dünýä aşhanasynyň dürli görnüşli konditerlik önümlerini hödürleýär.
Pirožnylar we tortlar, süýjülikler hem-de sufleler, pahlawadyr wafliler — bularyň ählisi baý iş tejribesi bolan aşpezleriň eli bilen taýýarlanylýar. Bu tagamlary taýýarlamakda diňe täze we hilli goşundylardan hem-de synagdan geçen tehnologiýalardan peýdalanylýar. Şoňa görä-de, «Soltan» restoranlarynyň süýjüliklerine we kökelerine türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary tarapyndan uly isleg bildirilýär.
«Soltan» restoranlary dürli sebäbe görä bellenilýän dabaralar — doglan gün we ýubileý, oturylyşyk agşamy, döwlet çäreleri hem-de beýleki dabaralar üçin tortlary we beýleki süýjülikleri taýýarlamakda sargytlary kabul etmek bilen birlikde, eltip bermek hyzmatlaryny hem ýerine ýetirýär. Tortuň bezeg dizaýny müşderi bilen ylalaşylýar.
«Soltan» restoranlary «Berkarar» SDAM-da müşderilerine garaşýar:
- «Soltan» restorany, 3-nji gat, № D 17 dükany, telefon belgileri: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44;
- «Soltan» restorany, 3-nji gat, № D 2 dükany, telefon belgileri: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;
- «Soltan», 3-nji gat, № K 1 dükany, telefon belgileri: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81.
Sosial media ulgamyndaky «Soltan» sahypasy.
Şeýle-de okaň: