Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Soltan» restoranlar zynjyrynda türk aşhanasynyň tagamlarynyň simfoniýasy

12:4819.08.2023
0
55392

Aşgabatda ýedi nokatda ýerleşýän «Soltan» restoranlary türk aşhanasynyň dürli tagamlaryna baha bermegi teklip edýär. Olaryň her birinde müşderiler türk aşhanasynyň hatda iň ynjyk we talapkär myhmanyň hem işdäsini açyp bilýän özboluşly tagamlaryny dadyp bilerler.

Krem –çorbalaryň baý görnüşleri, etli tagamlar – kebaplar, çişlikler, pide, meze, deňiz önümlerinden we gök önümlerden taýýarlanan naharlar, süýjülikler, konditer önümleri we beýleki nygmatlar, şol sanda hoşboý ysly baklawa eýýäm «Soltan» restoranlary nyň hemişelik myhmanlarynyň ýüreklerinde ýa-da, has dogrusy, aşgazanlarynda mynasyp orun tapdy. Türk naharlarynyň köpüsinde kaloriýa örän ýokary bolaýr, şonuň üçin bu ýerde sagdyn iýmit ýörelgesine eýerýänler üçin gök önümlerden, kösükli ösümliklerden we berhizlik etden tagamly naharlar taýýarlanýar. Türk aşhanasy merjimek, dolma, börek ýaly iýmit çäklendirmeleri bolan adamlar üçin hem gabat gelýän dürli tagamlary hödürleýär.

«Soltan» restoranlarynyň iş tertini – sagat 8:00-dan 23:00-a çenli bolup, müşderilere günortanlyk we agşamlyk naharlaryndan başga-da, tagamly ertirlik naharyndan lezzet almaga mümkinçilik berýär. Türkçe ertirlik nahary «Kahvaltı» diýlip atlandyrylýar, ony şalaryň ertirligi diýlip atlandyryp hem bolar, çünki ol köp sanly tagamy öz içine alýar. Olar dogralan gök önümler – ter pomidorlar, hyýarlar, burç we gök otlar bolup, zerur witaminlere baýdyrlar we ertirlik naharynyň aýrylmaz bölegidirler. Olaryň ýany bilen hökmany suratda ýokary hili we baý tagamy bilen tapawutlanýan peýnir tabagy hem-de zeýtun berilýär. Müşderiniň islegi boýunça ýumurtgadan taýýarlanan tagamlary, kesilen wezeýtun ýagynda gowrulan şöhlat (kolbasa) hödürlenýär. Elbetde, türk ertirliginiň möhüm bölegi täze we hoşboý ysly çörekdir. Ertirlik naharyndan soň bolsa bir käse güýçli türk kofesinden lezzet alyp bilersiňiz.

Ýatlatsak, «Soltan» restoranlarynyň tagamnamasynda (menýusynda) agdyklyk edýän türk we gündogar aşhanalarynyň tagamlaryndan başga-da, bu ýerde Ýewropa tagamlaryny dadyp bilersiňiz.

«Soltan» restoranlarynyň şübhesiz artykmaçlyklarynyň hatarynda gündogar däpleri esasynda bezelen içki gurluşyň ýokary derejeli rahatlygyny we özboluşlylygyny bellemek bolar.

«Soltan» restoranlarynyň salgylary we belgileri:

  • «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 17. Telefonlar: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44;
  • «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 2. Telefonlar: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;
  • «Berkarar» SDAM, 3-nji gat, K 1. Telefonlar: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81;
  • Andalyp köç., 80 B, 2-nji gat (Mir-4). Telefonlar: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26;
  • Magtymguly şaýoly, 217, «Gül Zemin» SDAM, 3-nji gat, D 09. Telefonlar: (+993 63) 20 86 86, (+993 12) 90 33 70, (+993 12) 90 33 80;
  • 2127-nji köç. (G.Kuliýew), 72-nji jaý, 2-nji gat. Telefonlar: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44;
  • 2127-nji köç. (G.Kuliýew), 72-nji jaý. Telefonlar: (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň