Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Däp» haryt nyşany «Güýz – 2023» toplumyna degişli täze egin-eşik nusgalaryny hödürlär

12:5631.08.2023
0
42007

Türkmen egin-eşik haryt nyşany «Däp» täze «URBAN FALL 23» güýzki kapsula toplumyny çykardy.

Täze egin-eşik toplumy hödürlenýän görnüşleriň we matalaryň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Modelýer-dizaýnerler nusgawy sport we köçe stiliniň sazlaşygyna, reňk öwüşginleriniň sadalygyna we dürli bezeg aýratynlyklaryna – nagyşlara, gapma-garşy reňkli matalaryň utgaşdyrylmagyna, birkalara, gapma-garşy tikin gönüşine we ş.m. aýratyn üns beripdirler Güýzki egin-eşik nusgalarynyň tikilişinde köplenç reglan ýeňler ulanylypdyr.

Täze toplum esasy köýnekçeleri (futbolkalary), köýnekleri we pololary, etekleri we jalbarlary, plaşýowkadan daşky eşikleri, zenanlaryň nusgawy lybaslaryny we tençleri, žiletkalary, tor şekilli longsliwleri, zenanlaryň «streýt-fit» jinsilerini öz içine alar. Gabardin, plaşýowka, denim, streýç, zygyr, futer, suprem ýaly matalar peýdalanylypdyr. Toplumdaky ähli nusgalar biri-biri bilen dürli kombinasiýalarda utgaşdyrylyp bilner.

Şeýle hem täze topluma dürli esbaplar – gapjyklar, portmone, ýantorbalar girizildi.

«Däp» haryt nyşany 2018-nji ýylda esaslandyryldy. «Däp» haryt nyşanly nusgalaryň esasy aýratynlygy şäher ýaşlarynyň trikotaždan nusgawy jinsiler, rahat we amatly biçüw hem-de sada reňkler bilen sazlaşýan köçe stiline ygrarlylyk diýip atlandyryp bolar. Şeýle hem «Däp» egin-eşik nusgalary üçin bezeg hökmünde, köplenç, türkmen milli keşdesiniň elementlerini ýa-da Türkmenistanyň taryhy ýa-da medeniýeti bilen baglanyşykly şekilleri ulanýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • «Aşgabat» SDAM, dükan B-1.32. Telefon (+993 61) 85 77 70;
  • «Berkarar» SDAM, dükan B57B. Telefon (+993 64) 58 73 88;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň