«Awtohyzmat» kompaniýasy awtoulag eýelerine awtoulag bilen baglanyşykly dürli ýuridiki amallar üçin iş kagyzlaryny resmileşdirmek boýunça tölegli hyzmatlaryny hödürleýär.
Kompaniýanyň hyzmatlary şulary öz içine alýar:
- awtoulagyň satyn alnandygy/satylandygy hakynda resminamany resmileşdirmek;
- awtoulagy fiziki şahsyň adyndan ýuridiki şahsyň adyna geçirmek ýa-da tersine;
- döwlet belgisini şahsy belgä geçirmek ýa-da tersine;
- awtoulag ätiýaçlandyryşyny resmileşdirmek;
- awtoulaga eýeçilik etmek üçin zerur bolan beýleki resminamalary hasaba almak resmileşdirmek.
Kompaniýanyň hyzmatlary üçin hyzmatlaryň bahasyna baglylykda, 1,5-den 10 göterime çenli möçberde tutum alnyp galynýar.
«Kompaniýamyzyň hünärmenleri awtoulag bilen baglanyşykly islendik ýuridiki amallar üçin iş kagyzlaryny resmileşdirmek boýunça dürli hyzmatlary hödürlemekde uly tejribä eýedirler» diýip, «Awtohyzmatyň» wekili belläp geçdi.
«Awtohyzmat» kompaniýasynyň ofisiniň ýerleşýän salgysy: Aşgabat, G. Kuliýew (Obýezdnaýa) köç., 20-nji jaý, «Täjir» binasy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 61) 01 74 90.