Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda howa gijelerine we gündizlerine maýlap başlady

09:5414.08.2023
0
21991

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurtda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän habara görä, ýurduň käbir sebitlerinde gijelerine +26 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +25 gradusdan +24... +29 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +35... +40 gradus yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +31... +36 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19... +24 gradusdan +23... +28 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus maýyldan +35... +40 gradus aralygynda yssy bolar.

Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradus maýyldan +34... +39 gradus aralygynda yssy bolar.

Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +18... +23 gradusdan +22... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +30... +35 gradus maýyldan +34... +39 gradus aralygynda yssy bolar.

Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +17... +22 gradusdan +21... +26 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +29... +34 gradus maýyldan +33... +38 gradus aralygynda yssy bolar.

Aşgabatda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 10 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20... +22 gradusdan +25... +27 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +32... +34 gradus maýyldan +37... +39 gradus aralygynda yssy bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň