Zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de «Awaza» sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär.
Soňra döwlet Baştutany «Awaza» sport toplumyna geldi. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedow türgenleşik enjamlarynyň birnäçesinde dürli maşklary ýerine ýetirdi.
Sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar bedeniň taplanmagynda, adam saglygynyň berkidilmeginde aýratyn ähmiýetlidir.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow «Awaza» sport toplumynda dürli maşklary ýerine ýetirip, bu ýerden ugrady.