Soňky habarlar

Arhiw

Wepa Jumaýewiň 90 minut çykyş eden duşuşygynda «Energetik-BGU» «Slawiýa» bilen deňme-deň oýnady

12:0808.07.2023
0
32321

Belarusyň çempionatynyň 15-nji tapgyrda «Energetik-BGU» Mozyr şäheriniň «Slawiýasy» bilen myhmançylykda 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady.

Myhman toparyň türkmenistanly goragçysy Wepa Jumaýew duşuşygyň başyndan tä ahyryna çenli meýdanda boldy.

Şeýlelikde, şu möwsümde «Energetik-BGU»-nyň duşuşyklarynda bäşinji gezek hasap açylmady. Topar Belarusyň Ýokary ligasynda 15-nji orny eýeleýär.

Wepa Jumaýewiň «Energetik-BGU» toparyna Gomeliň «Lokomotiwinden» geçendigini ýatladýarys. Taraplar şu ýylyň 17-nji martynda şertnama baglaşdylar. Belarusyň Birinji ligasynda 21 duşuşyk geçiren goragçy olarda bir gezek tapawutlanyp, iki goluň assistini berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň