Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Moskwanyň muzeýinde türkmen heýkeltaraşy Babasary Annamyradowyň sergisi açylar

10:3014.07.2023
1
35856

15-nji iýulda Moskwanyň Gündogar Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň halk suratkeşi, Hormatly il ýaşulusy, ussat heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň şahsy sergisi açylar. Bu gözden geçiriliş suratkeşiň Moskwadaky ilkinji şahsy sergisi bolar.

«Artmoskovia.ru» elektron neşirinde habar berlişi ýaly, sergide awtoryň ýokary ussatlygyny we döredijilik aýratynlyklaryny açyp görkezýän 40-dan gowrak heýkeltaraşlyk we grafika eseriniň görkezilmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň halk suratkeşi, Russiýanyň Sungat akademiýasynyň hormatly agzasy Babasary Annamyradow türkmen hem-de rus çeperçilik gurşawynda milli şekillendiriş plastik sungat mekdebini esaslandyryjylaryň biri we öňbaşçysy hökmünde tanalýar.

Bellenilişi ýaly, B.Annamyradow, takmynan, 20 ýyl Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigine ýolbaşçylyk etdi we şol bir wagtyň özünde GDA-nyň Suratkeşler birleşiginiň konfederasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy boldy. Milli medeni däp-dessurlaryny ösdürmäge, gorap saklamaga goşan goşandy, döredijilik işgärlerine berýän yzygiderli goldawy hem-de ýardamy üçin, ol 2000-nji ýylda Puşkiniň Altyn medaly bilen sylaglandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň