Türkmenistanda Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçiriler

22:1523.06.2023
0
22895

Türkmenistanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Forum türkmen nusgawy şahyry we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanan çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda geçirilýär.

Wise-premýeriň hasabatynda beýan edilişi ýaly, giň gerimli foruma Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Gyrgyzystandan, Hindistandan, Özbegistandan, Yrakdan, Alžirden, Eýrandan, Rumyniýadan, Belarusdan, Gruziýadan we beýleki döwletlerden alymlar, magtymgulyşynaslar, Türkmenistanyň alymlary, professorlary we ýaş alymlary gatnaşarlar.

Halkara maslahata köp sanly gatnaşyjylar we myhmanlar üçin uly medeni maksatnama taýýarlanyldy. Şol maksatnama Arkadag şäherine, «Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna we Aşgabadyň muzeýlerine gezelençleri guramak, «Aşgabat» kinokonsert merkezinde filmleri görkezmek ýaly çäreler, konsertler, sergiler we beýlekiler girizildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyran türkmen halkynyň beýik oglunyň täsin döredijilik mirasyny mundan beýläk-de giňden wagyz etmegiň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere bu wekilçilikli foruma ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmek we geçirmek meselelerine gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň