Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda iýul aýynda nähili medeni çäreler geçiriler?

22:0423.06.2023
0
26552

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa Türkmenistanda indiki aýda geçiriljek esasy çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, iýul aýynda ýurduň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, brifingleri we «akylly» şäher — Arkadag şäheriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Iýul aýynda yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde-de köpçülikleýin medeni çäreler, bäsleşikler, sport ýaryşlary geçiriler.

Daşoguz, Türkmenabat we Mary şäherlerindäki «Türkmeniň ak öýi» binalarynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary, Änew şäheriniň Medeniýet öýünde we Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Çalsana bagşy!» atly bäsleşigiň Ahal we Balkan welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlary geçiriler.

8-nji iýulda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda ýurduň wäşileriniň çykyşlaryny guramak, 15-nji iýulda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda maslahat we neşir önümleriniň sergisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

3 — 9-njy iýul aralygynda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde, 10 — 31-nji iýul aralygynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Russiýanyň meşhur sirk artistleriniň, şeýle hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bilelikdäki çykyşlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň